Halkymyzyň ýagşy arzuwlar bilen gadam basan 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen şygar astynda geçýär. Bu şygarda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz tarapyndan dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek, durmuş, ekologiýa, ynsanperwer we beýleki meseleleri çözmek bilen bagly öňe sürýän başlangyçlaryndan, döwlet syýasatyndaky möhüm ugurlaryndan gözbaş alýar.
Halkymyzy beýik işlere, täze-täze üstünliklere ruhlandyran bu şygaryň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynyň esasynda hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli saýlanyp alnandygyny buýsanç bilen bellemelidiris.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda köp sanly çäreler, dabaralardyr forumlaryň geçiriljekdigini, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýunyň has uludan toýlanjakdygyny agzamak örän ýakymlydyr. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň 3-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmek boýunça degişli Permana gol çekmegi ählimizde şatlyk duýgusyny döretdi.
Watanymyzyň gülläp ösmegine goşant goşmak tükeniksiz bagt. Şeýle bagtdan paýly bolan ýaşlar hem bu gün belent watançylyk ruhy bilen yhlasly işleýärler, döredýärler. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň daşyna has-da mäkäm jebisleşip, şu şanly ýylyň täze üstünlikleriň we belent sepgitleriň ýylyna öwrülmegi üçin her birimiz tutanýerli zähmet çekeris.
Azat HALMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Kaka etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.