Ynsan ömründe ýatdan çykmajak birnäçe pursatlar bolup geçýär. Şol pursatlar biziň durmuş kitabymyzyň ajaýyp sahypalaryny bezeýän deňsiz-taýsyz süýji ýatlama öwrülýär. Talyplyk durmuşy bilen hoşlaşyp, täze hünärmenlik durmuşyna ilkinji gezek gadam basýan ýaşlarymyz diýseň kän. Täze işe başlan mahaly käbir adamlar diýseň ýeňillik bilen işgärleriň arasyna goşulyp, özüni öňden bäri işläp gelýän ýaly alyp barmagy başarýarlar. Hemme adamlarda şeýle alçaklyk endikleri duş gelmeýär. Olara goltgy gerek bolýar. Şol sebäpli biz täze işe başlan ýaşlarymyzyň işine çalt öwrenişmegi we üstünlikli işlemegi üçin nämelere dykgat etmelidigi barada aýdyp geçmegi makul bildik.
Özara gatnaşyklar agzybirlik nyşany. Täze işe baran her bir edaramyzda biz işgärler bilen özara gatnaşyk saklaýarys, ýyllaryň geçmegi bilen dostlaşýarys. Işdeş ýoldaşlarymyz köplenç öz durmuş tejribeleri esasynda bize öwüt-nesihatlaryny gaýgyrmaýarlar, goldaw berýärler. Işdeş ýoldaşlarymyz bilen biz diňe günortanlyk naharynyň we gök çaýyň başynda söhbetdeş bolman, eýsem teatrlara gidip wagtymyzy geçirýäris, mahal-mahal biri-birimizi maşgalamyza myhmançylyga hem çagyrýarys. Bu bolsa işdeş ýoldaşlarymyz bilen agzybir işleşmegiň başlangyjydyr. Bu agzybirligiň dowamly bolmagy bolsa siziň täze işiňize bolan söýgiňizi has-da berkider.
Iş borçlaryňyzy aýdyňlaşdyryň. Içki duýgularyňyzy gözegçilikde saklaň, özüňizi akýürekli we dogruçyl alyp baryň. Elbetde, işde işdeş ýoldaşlaryňa kömek etmek, goldaw bermek wajyp bolup, beýle kärdeşlik raýdaşlygy biri-biriňe bolan ynamlylygy artdyrýar. Ýöne berilýän kömek seniň işiňe we hünär taýdan kämilleşmegiňe hiç hili täsirini ýetirmeli däldir. Işgärleriň arasynda täze işe gelen işgäre has köp iş ýüklemegi halaýanlar hem az duş gelenok. Bu ýagdaýda hemme hereketler siziň araňyzda dörän aragatnaşyga bagly bolup, haýyşlar barha gaýtalanýan görnüşlere eýe bolsa, asudalyk bilen öz iş ornuňyzy we iş borçlaryňyzy aýdyňlaşdyrmak ýerlikli bolýar.
Psihologik oňaýsyzlyga ýol bermäň. Işgärler bilen gürleşeniňizde käbir jümlelerden ýa-da “Sizde bu nädip kabul edilýär?” ýa-da “Sizde bu näme üçin şeýle çözülýär?” diýen ýaly soraglary bermekden gaça duruň. Sebäbi beýle ýagdaýlar işgärleriň arasynda psihologiki “böwedi” döredip biler. Ýene bellemeli zatlaryň biri hem täze işe gelen badyňyza, özara düşünişip bilmeýän işgärleriň arasyna düşüp, öz pikiriňizi mälim ediji bolmaň ýa-da olaryň biriniň tarapyny tutujy bolmaň. Birinjiden, siz entek olary gowy tanaňyzok we olaryň häsiýetlerine beletçiligiňiz ýok. Ikinjiden, olar biraz wagtdan hökman ýaraşarlar, size garşy bolsa olarda öýke-kine duýgusy galyp biler. Munuň bolsa ruhy taýdan size oňaýsyz täsir etmegi mümkindir.
Pikirdir maslahatlary diňläň, emma... Täze işe başlan edaraňyzda ýa-da kärhanaňyzda bile işleýän ýoldaşlaryňyzyň oý-pikirlerine gulak asyň. Öz pikiriňizi we nukdaýnazaryňyzy üýtgetmezden, işdeşleriňiziň pikirlerini we sözlerini ahyryna çenli diňlemäge hem-de islegiňize garamazdan, biri-biriňiz bilen düşünişmeklige synanyşyň. Işdeş ýoldaşlaryňyz bilen dostlukly, gadyrly gatnaşyklarda boluň, emma belli bir çägi saklaň. Öz aladalaryňyz, işiňiz bilen boluň we her edýän ädimleriňizi işdeşleriňize aýan etjek bolup howlukmaň.
Teklipleriňize üns beriň. Eger-de täze işgär edarada ýolbaşçynyň ýerine gelýän bolsa, onda işgärler oňa seresaplyk we ynamsyzlyk bilen seredip başlaýarlar. Işgärler toparynyň ynamyny we sylagyny gazanjak bolsaňyz, ilki bilen işiň gidişini synlaň we diňe ondan soň öz teklipleriňizi we düzedişleriňizi giriziň. Şeýle hem bu teklipleriň köpçüligiň goldawyna mynasyp bolup, işgärleriň size bolan ynamyny berkitjekdigine göz ýetiriň.
Öz iş rejäňize gözegçilik ediň. Ilkinji günden başlap daş-töweregiňizdäki adamlaryň rejesine seretmezden, iş ýeriňize gelmeli iş sagadyňyzdan irräk geljek bolup synanyşyň. Sebäbi jogapkärçilikli bolmak häsiýeti we ykjamlyk täze işdeş ýoldaşlaryňyzda täsir döretmegiň möhüm usulydyr. Bu bolsa size bolan ynamy has-da berkider.
Aşa öwünmekden saklanyň. Täze işe geleniňizden özüňizi hetdenaşa öwmek halanýan däldir. Sebäbi söhbetdeşlik arkaly ýolbaşçyňyzyň siz barada maglumat ýygnap, işe kabul edendigini hem unutmaň. Şeýle-de, tamamlan okuw jaýyňyz, okan ýerleriňiz, öňki işlän ýerleriňizde gazanan sylaglaryňyz barada hem işgärleriň arasynda aýdyp bermegiň geregi ýokdur. Wagty gelende olaryň özleri ol maglumatlar bilen tanyş bolarlar.
Meýilleriňizi äşgär etmäge howlukmaň. Täze işe gelen döwrüňizde öz hünärmenlik ösüşiňiz baradaky meýilleriňizi ýolbaşçylara hem, işdeş ýoldaşlaryňyza hem aýan etmäge howlukmaň. Wagtyň geçmegi bilen, siziň öz käriňize bolan başarnygyňyz, ukybyňyz beýleki işdeşleriňize ýaraman biler. Işe gelen ilkinji hepdeleriňizde bu giňden ýaýran ýalňyşlyklardan gaça dursaňyz, täze iş ýeriňizde dostlukly we ynamly gatnaşyklara ýetip, özüňize şahsy ösüşleri gazanmaga şert döredersiňiz.
Taýýarlan Jangeldi IŞANKULYÝEW,
Serdarabat etrabyndaky 37-nji mekdebiň mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.
“Nesil” gazeti,
19.10.2017ý.