Täze ýylyň ilkinji günlerinde gözel paýtagtymyzdaky söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Şeýle hormatly ada Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndan mynasyp bolan çagajyklaryň ýürek buýsançlaryny Size ýetirmegi makul bildik:
Aýnur TÄÇMYRADOWA,
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň
50-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy,
Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi:
Maňa-da bu ýylda Gulbaba adyndaky çagalar baýragyny almak bagty miýesser etdi. Diýseň begendim, ýakymly pursatlary başdan geçirdim. Bu baýragy almagym meniň durmuşymda ýatdan çykmajak waka boldy. Deň-duşlarym bilen bilelikde, Täze ýyl arçasynyň başynda ýadygärlik suratlara düşdük. Biz körpe nesillere şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalbymdan köp-köp sagbolsun aýdýaryn!
Taýýarlan: Gülnahal DÄDEBAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.