Ýakynda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Gulbaba adyndaky çagalar baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri boýunça, onuň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu hormatly ada Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndan mynasyp bolan ýaşlaryň käbirleriniň ýürek buýsançlaryny Size ýetirmegi makul bildik:
Gülzada ATAÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň
59-njy orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy,
Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi:
Bu Täze ýyl baýramy meniň durmuşymda hakykatdanam, goşa baýram bolup geçdi. Eziz Diýarymyzda döredijilik bilen meşgullanmaga, aýdym aýtmaga, saz çalmaga, ýagny taryhy döwrümiziň waspyny şirin owazda beýan etmäge ähli şertler bar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi bolmagym, aýdym-saz sungatyna bolan höwesimi has hem artdyrdy. Biz çagalar üçin okamaga, öwrenmäge mümkinçilik döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Mährem GELDIÝEW,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň
58-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy,
Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi:
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň ilkinji günleri meniň durmuşymda ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy. Ýagny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi diýen hormatly ada mynasyp bolmak bagty maňa hem nesip etdi. Muňa meniň begenjimiň çägi ýok. Şu ajaýyp pursatda ýaş nesilleriň geljegi üçin uly aladalary edýän, biz ýaşlary bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin!
Taýýarlan: Parahat SABYROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.