KALPDA NUR, DILDE DÜR, BAGTYÝAR DÖWÜR

Hormatly Prezidentimiz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Medeni miras — maddy we ruhy gymmatlyklar ynsana şatlyk, ata-babalara hormat, ýaşaýşa söýgi, dowamata hyjuw döredýän gözellik älemidir» diýip kesgitleýär. Bu älemiň güýjüne şeýle jümleler bilen baha berýär: «Bu älem tümlügi gündizlige, çöli — lälezarlyga, duşmançylygy — dostluga öwürýän, ýürekleri buýsançdan doldurýan, beýnileri paýhas bilen durlaýan egsilmez güýçdür». Egsilmez hormata eýe bolan gymmatly güýje ata Watanymyzyň berkararlygy, Gahryman Arkadagymyzyň tutanýerli yhlasy, päk zähmeti bilen ýetildi.

Medeniýet hakynda Türkmenistanyň Kanunynda: «Medeniýet — adamzat tarapyndan döredilen we döredilýän, şahsyýetiň sazlaşykly ösdürilmegine, watançylygy terbiýelemäge, ýokary ahlaklylyk we ruhy-ahlaklylyk häsiýetlerini kemala getirmäge, Türkmenistanyň raýatlarynyň estetiki talaplaryny we bähbitlerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen maddy we ruhy gymmatlyklaryň jemidir» diýip bellenilýär. Diýmek, medeniýet ynsan paýhasynyň we zähmetiniň miwesidir. Akyl bilen ýüregiň sazlaşygy netijesinde döreýän gözellikdir.

Garaşsyzlygyň miwesi hakynda söhbet edilse, ilkinji nobatda özgeren adam ykbaly, binalaryň ýalkymyna ýalkym goşýan juwan säherler nazaryňda suratlanýar. Aňyňda abadançylyk, parahatçylyk, bolelinlik, agzybirlik, bagtyýarlyk ýaly halky jebisleşdiriji, ýurduň berk binýadyny tutujy düşünjeler aýlanýar. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary halkymyzyň bagtyýarlygynyň, döwletimiziň berkararlygynyň Zemin içre ykrar bolup, şan-şöhratynyň äleme dolan döwri bolup taryha girdi.

Tutuş döwlet derejesindäki ulgamlaýyn ösüşler tapgyrma-tapgyr durmuşa geçirildi. Şeýle amal Arkadag Prezidentimiziň asylly ýolbaşçylygynda hasyl boldy. Şu eýýamda il-günüň kalbynda, aňynda döreýän hyjuwly duýgular, ynamly pikirler — bütin halkyň ruhuny özgertdi. Ruhy galkynyşyň, ösüşiň başlangyçlary we netijeleri milli medeniýetiň sütünleri bolup çykyş edýär. Islendik ulgamyň sazlaşykly ösüşi, synagdan geçen tejribe bilen döwrüň täzelikleriniň endigan baglanyşdyrylmagy täze hadysalaryň düýbüni tutup, medeni mirasyň ol ýa-da başga ulgamda ýüze çykmasyny esaslandyrýar. Onsoň umumymillet medeniýetiniň gülläp ösüşi kemala gelýär.

Arkadag Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda medeniýet we sungat ussatlarynyň ykbaly sözüň hem pikiriň doly mazmunynda galkyndy. Gün-günden ese-boýa galan ak ymaratlar, köşkler döredijilik işgäriniň mukaddes ojagyna, ruhubelent sungat eserini döredýän mekanyna öwrüldi. Medeniýet şäherçesiniň gurulmagy anyk durmuşy goldawyň mysaly boldy. Şunda medeniýet we sungat ussatlarynyň bir şäherçede jem bolup ýaşamagy, zähmet çekmegi döwrüň täze ölçegli taslamasynyň şowly durmuşa geçmeginiň nyşanydyr. Bu döwürde ilkinji gezek Watanymyzda medeniýetiň nazaryýeti we taryhy diýen hünär boýunça iri ylmy taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, kandidatlyk, doktorlyk dissertasiýalarynyň ýazylyp başlanmagy täze sepgitleriň başyny tutdy. Medeniýetiň ugurlary boýunça halypa-şägirtlik ýolunyň däp bolan ýörelgeleriniň dikeldilmeginde hormatly Prezidentimiziň ussatlar hakyndaky milli taglymaty esasy daýançdyr. Milli medeniýet we sungat boýunça hünär bilimini öwrenmekde Gahryman Arkadagymyzyň «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Arşyň nepisligi», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýaly onlarça kitaplary nusgalyk gollanmadyr. Biz — medeniýet we sungat işgärleri bu kitaplary «Arkadag Prezidentimiziň ruhy serpaýy» diýip atlandyrýarys. Sebäbi ykbalymyzyň, çözgütlerimiziň özgermeginde we kämilleşmeginde, dünýägaraýşymyzyň täze basgançaga çykmagynda hut, şu kitaplar bahasyz hyzmaty bitirdi we bitirýär. Medeniýetiň kitaphana we kitap işi, neşir, muzeý, medeni miras, arhiw, habar beriş; sungatyň saz, kino, teatr, şekillendiriş, şol sanda zergärçilik, halyçylyk ýaly ugurlary boýunça maddy-durmuşy, ruhy goldawlary bilen bir hatarda kanunçylyk namalarynyň işlenip, bu resminamalaryň doly güýjünde işe girizilmegi medeniýet we sungat ýaly iň bir ynsanperwer, şol bir wagtyň özünde gözel hünäre ömrüni baglan şahsyýetiň, işgäriň hukuk goraglylygyny hem üpjün etdi.

Ýeňişli günlerde, dabaraly pursatlarda mähriban Arkadagymyzyň «Medeniýet — milletiň mertebesidir!» diýen pikiri şygara öwrüldi. Belent mertebeli ýurt Baştutanymyzyň sahawaty saýasynda biziň döwletliligimiz, erkanalygymyz, bagtyýarlygymyz belent mertebä öwrüldi. Güneşli Türkmenistanyň çar künjeginden halk köpçüliginiň ruhubelent höwesjeňleriniň dür saçýan arzuwly aýdymlary şirin saz, çeýeden ajaýyp, joşgunly tanslar bilen sepleşýär. Halkyň arzuw-dilegleri bolsa hemişe wysal bolýar. «Köpüň dilegi köl bolup», sungat bilen sazlaşanda, dünýämizde gözellik köpelýär. Mertebe gymmatyny ilkinji bolup duýýan hem medeniýetiň, sungatyň döwrüň nurunda şineleýän gözel eserleridir. Şeýlelikde, medeniýet — biziň haýsy ulgamda zähmet çekýändigimize, gymmatly wagtymyzy nämä we näçe sarp edýändigimize garamazdan, ynsançylyk mertebämizdir, ahlak ölçegimizdir!

Sähragül JANMÄMMEDOWA,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.

“Nesil” gazeti,

28.10.2017ý.

Meňzeş habarlar