TAÝ BOKSY KINO SUNGATYNDA

Taý boksuna başgaça «muaý-taý» hem diýilýär. «Sekiz uçluklaryň söweşi» hökmünde atlandyrylmasy bolsa, juda geň. Bu ýerde söweşijiniň bedeniniň 8 hereketi göz öňünde tutulýar: iki ýumruk urgusy, iki tirsek urgusy, iki dyz urgusy, iki daban urgusy. Gözbaşyny «muaý-boran» usulyndan, ýagny däp bolan söweş emellerinden alyp gaýdýan taý boksy öz döwründe ençeme ussatlary dünýä tanatdy. Şeýle ussatlar hakynda gürrüň edilende, ilkinji nobatda, «Ong bak» filmler toplumynyň ussady Panom Ýirum biygtyýar ýadyňa düşýär. Ol öz ýurdunda Ong bak ýa-da Toni Ja diýlip tanalýar. Ol bu ady öz döwründe uly meşhurlyk gazanan «Ong Bak» filmindäki üstünligi bilen gazanýar we şondan soň tomaşaçylaryň hakydasynda şol at bilen galýar. Ajaýyp söweş sungatynyň inçe tilsimlerine bagyşlanan filmlerde ussatlyk görkezen taý boks söweşijisi jenap Ja ussat kinorežissýor, aktýor, horeograf we kaskadýor hökmünde özüni ykrar etdirýär. Toni Ja erkiň, erjelligiň, tutanýerliligiň we maksadaokgunlylygyň, şol bir wagtda, garadan gaýtmazlygyň pursatlaryny adaty däl söweş hereketleri bilen kinoda ussatlyk bilen janlandyrmagy başardy. Ol şeýle ussatlyga ýetmekde Jeki Çan, Jet Li we Brýus Li ýaly gündogaryň söweş ussatlarynyň gaýybana halypa bolup, ýol görkezendiklerini henizem buýsanç bilen ýatlaýar.

 

Taýýarlan: Gurbanmyrat GURBANOW,

žurnalist, TMÝG-niň işjeň agzasy.