Adamzat dogry ýaşamagyň tertip-düzgünlerini durmuşda giňden özleşdirip, ony kada öwürýär. Ol dürlüçe atlandyrylyp, teologiýa, filosofiýa, etika, estetika, logika we beýleki ylymlaryň kämilleşmeginde uly orny eýeläpdir. Biziň halkymyzda bolsa, şol kada-kanunlar taryhy jähetden uly döwri başyndan geçirip, «türkmençilik» diýip şertli atlandyrylýan ýaşaýşyň özboluşly ýörelgeleriniň toplumynda has pugtalanypdyr. Indi iň esasy nygtamaly ýeri, şol ýörelgeleriň ýeke söze – «ynsap» düşünjesine sygýanlygydyr. Ynsap jemgyýetiň baş gymmatlygydyr. Ynsaply ýaşaýyş raýat jemgyýetiniň, demokratik döwletiň iň ýokary kemala gelmesi bolup durýar. Ata-babalarymyz «owalynda ynsabyna guýlan» diýip nygtapdyrlar. Ynsap adamy adam edýän ruhy özen. Ol adama ene süýdi, ata öwüdi bilen tebigy ýagdaýda geçýär. Ynsaby bolandygy üçinem, ýaradylyşyň iň beýik ýaradylany adam! Çagalykda perzent üçin ynsap oňa enäniň garaýşydyr. Sebäbi ene ony söýüp, ol hakynda aladalanyp, ejize hemaýat etmek duýgusyny berýär. Rehimdarlygyň erjelligi, batyrlygy kemala getirýändigini oňa öwredýär. Perzendiň halal hem-de arassa ýaşaýşynyň ündewçisi, oňa iň ýakyn ynsan mähriban käbesidir.
Halallyk ene süýdüne wepaly bolmakdan başlanýar.
Lebze ygrarlylyk mähriban enelerimize söýginiň ölçegi bolup durýar.
Dünýäde köp zat özgerýär, ynsaplylyk welin, ynsanyň hakyky adamlygyny aýan edýän ýörelge hökmünde müdimi ýaşaýar. Ol edil daragtyň öz kökünden nem alşy ýaly, asmandan inýän ak ýagyş kimin, ýürekden gaýdýan päkize arzuwlar bolup ýaşaýar.
Gözellik barada düýpli söhbet edilse, şonuň hem özeninde ynsaplylyk bar. Biz gözelligi pikir-duýgy jähetden öwrenip, ony edep-terbiýe ulgamynda berkidýäris. Aslynda bolsa, gözellik diýlen düşünje doly manysynda enelerimizdedir. Ýürekden çykan söz bilen keramatyň döredilýändigi baradaky ynamy ýüregimize guýýan hem enelerimizdir.