WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda Bereket etrabynyň 20-nji orta mekdebinde okuwçylaryň arasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda tutumly işleriň amala aşyrylýandygy, zähmetsöýer halkymyzyň, şol sanda ýaş nesilleriň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigi, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynda uly many-mazmunyň bardygy hakynda durup geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny galamynyň ýiti bolmagyny arzuw etdiler.

 

Gülälek ÝAGŞYMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Bereket etrap Geňeşiniň  Sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Ýanwar 2025 | 1 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

29 Ýanwar 2025 | 1 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

29 Ýanwar 2025 | 1 okalan

WAGYZ NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI