Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz durmuşyň ähli pudaklarynda bedew bady bilen öňe barýar. Bu günki gün bagtyýar halkymyz ýene-de bir täze ýyla «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» uly ynam, uly ruhubelentlik bilen gadam basdy.
Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet öýünde üstünliklere we rowaçlyklara beslenjek şanly ýylymyzyň şanyna bagyşlanyp dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahata etrabymyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaş zenanlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we kümüş saçly enelerimiz gatnaşdylar.
Çykyş edenler «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli geçiriljek dabaralaryň eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen utgaşýandygyna aýratyn ünsi çekip, onuň şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazyljakdygyny aýratyn bellediler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzy bagtyýar durmuşyň gujagynda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ogulnäz NEPESOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Saýat etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň işgärler işi boýunça
baş hünärmeni.