Düýn Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, şeýle-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň ähmiýetini, ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny ilatyň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen duşuşyk geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Arkadag şäheriniň öňdebaryjy zähmetkeşleri işjeň gatnaşdylar.
Maslahatda baý mazmunly çykyşlara giň orun berlip, olarda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen geçen ýylymyzda gazanylan uly üstünlikler, durmuş-ykdysady ösüşler we zähmet ýeňişleri dogrusynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şolaryň ähmiýeti hakynda, şeýle hem milli we dünýä derejelerinde beýik şahyryň eýeleýän orny barada giňişleýin beýan edýän «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly ajaýyp eseriniň ähmiýeti dogrusynda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylymyzyň taryhy ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.
Şeýle hem çykyşlaryň her birinde türkmen halkynyň nusgawy şahyry we beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewleri esasynda dünýä halklarynyň bir-birege ynanyşyp parahat we bagtyýar ýaşamaklary üçin uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
Mekan AMANLYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň başlygy.