Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Daşoguz welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda 2025-nji ýylyň şygarynyň many-mazmunyny wagyz etmek, dabaralandyrmak maksady bilen, «Berkarar döwletim – bagtyýarlygyň we parahatçylygyň mekany» atly maslahat duşuşygyny geçirdi. Oňa bilim we medeniýet ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlar hem-de ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlarda ýurdumyzyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, bu ýylda giňden belleniljek hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy we oňa görülýän ýokary derejedäki taýýarlyklar, hormatly Prezidentimiziň bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda üstünlikli alyp barýan hem-de dünýä jemgyýetçiliginde giňden goldanylýan içeri we daşary syýasaty dogrusynda giňişleýin hem-de buýsançly bellenildi. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy eşretli, bolelin, parahat zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Aýnur ÝUSUPOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň bölüm müdiri.