SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

Adamzat mydama parahat durmuşyň arzuwynda. Parahatçylyk adamlaryň bagtyýar ýaşamagynyň hökmany şertidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynamyň, ynanyşmagyň esasynda gazanylýan parahatçylyk arkaly maksatlar myrat tapýar, adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin tagallalar birleşdirilýär. Hut şonuň üçin hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu bolsa biziň ýurdumyzda ählumumy parahatçylygy berkitmek barada edilýän taýsyz tagallalaryň bütin dünýäde ykrar edilip, uly goldaw tapýandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň Bitaraplygymyz dünýä halklaryny belent maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgämizdir. Alyp barýan Bitaraplyk syýasatymyzyň berkarar döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini has-da pugtalandyrmakda uly ähmiýeti bardyr.

Şundan ugur alyp, şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň çäginde hem Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, şeýle-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň ähmiýetini, ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny ilatyň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen çäreler giň gerime eýe bolýar. Şeýle çäreleriň biri-de Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Onda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylymyzyň taryhy özgertmeleri amala aşyrmakdaky  ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle hem dünýä halklarynyň agzybirligi we parahat ýaşamaklary üçin uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

29 Ýanwar 2025 | 32 okalan

«KITAP – GYMMATLY HAZYNA»

28 Ýanwar 2025 | 63 okalan

ULY ÝEŇIŞLER DOGRUSYNDA