WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli «Arkadagly Serdaryň dünýä uzan ak ýoly» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde biragyzdan kabul edilendigini buýsanç bilen bellediler. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ösüş ýolundaky batly gadamlary hem-de barha ýokarlanýan halkara abraýy ugrunda durmuşa geçirýän ägirt uly işleri üçin alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Osman AŞYROW,

Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly

adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

25 Ýanwar 2025 | 83 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

25 Ýanwar 2025 | 69 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

23 Ýanwar 2025 | 118 okalan

BIZ OWAZ BILEN