Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşi tarapyndan Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde berkarar döwletimize mahsus Watan goragçylaryny terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň Watana wepalylyk hem-de merdanalyk bilen ak ýürekden gulluk etmeklerini gazanmak, harby bölümlerde giň dünýägaraýyşly, öz hünärine ökde, geljekde ykbalyny Watan goragyna bagyş etjek ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, ýaş esgerleriň arasynda «Watan goragy mukaddes borç» atly şygar astynda gezelenç çäresi guraldy.
Gezelençde ýaş esgerler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp döredilen sergä, taryhy tapyndylara syn etdiler. Şeýle hem, gezelenje gatnaşyjylara merdana Watan goragçylarynyň watançylyk terbiýesini ýokarlandyrmakda, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde durmuşa geçirilýän işler, bu ugurda döredilýän mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin gürrüň berildi.
Sergide milli mirasymyzy öwrenmäge, olary nesilden-nesle geçirmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Şadurdy GOWŞAKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher
Geňeşiniň başlygy.