Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden dabaralandyryljak şanly 30 ýyllygy täze taryhy döwürde ata Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da berkitjek, halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik we myhmansöýerlik däplerini Ýer ýüzünde şöhratlandyrjak örän möhüm seneleriň biridir. Sebäbi hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi ýurdumyzyň netijeli halkara syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda örän uly ähmiýete eýedir.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň mizemez sütüni bolan Bitaraplyk hukuk derejämiziň şanly senesiniň hormatyna 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýär. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň ähmiýetini giňden açyp görkezýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusyndan, şeýle-de Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryndan ugur alynmagy biz — ýaşlaryň buýsanjyny goşalandyrýar. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň bu goşgusyny okanyňda halkara hukuk derejämiziň baş maksadyna, ählumumy bähbidine we onuň gadyr-gymmatyna has çuňňur göz ýetirýärsiň.
Baky Bitaraplyk ýörelgämiz ýurdumyza Ýer ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde belent abraý, şan-şöhrat getirdi. Ykdysadyýetde, syýasatda, durmuş ulgamynyň ähli ugurlarynda taryhy üstünliklere ýetmäge uly mümkinçilikleri döretdi. Diýmek, şanly ýylymyzyň şygary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn pajarlap ösmegi babatdaky döwletli maksat-tutumlarynyň ynsanperwer ýörelgelerini bütin aýdyňlygy bilen alamatlandyrýar.
Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň özeninde aýratyn many-mazmun bar. Bu çözgüt halkara parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmekde Bitaraplyk syýasatynyň wajypdygyny, ýurtlaryň arasynda dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini tassyklaýar.
Umuman aýdanyňda, şanly ýylymyzyň şygary ynsanperwer ýörelgeler bilen berk baglanyşykly bolup, munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Hemişelik Bitaraplygymyzdan gözbaş alýan parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri deňhukukly halkara gatnaşyklaryň hem-de döwletimiziň okgunly ösüşiniň, zähmetsöýer halkymyzyň abadan durmuşynyň baş şertidir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň döredilendigini aýtmak gerek. Şu ýylyň 9-njy ýanwarynda hormatly Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde bu toparyň ilkinji mejlisi geçirildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy kabul edildi. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, bu resminamada ýurdumyzyň häzirki zamanyň ählumumy gün tertibiniň esasy meselelerine garaýyşlary beýan edilýär. Şeýle-de onda özara ynanyşmak, dialog we jogapkärçilik esasynda döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek barada ýurdumyzyň garaýyşlary kesgitlenilýär.
Hemişelik Bitaraplygy ynsanperwer tutumlaryň mizemez binýadyna öwrüp, bu ýörelgelere berk eýerýän ýurdumyz tutuş dünýäde dost-doganlygy, hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrýan, oňyn başlangyçlary öňe sürýän raýdaşlyk mekanyna öwrüldi. Şeýle belent başlangyçlaryň we ýörelgeleriň sakasynda duran Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Goý, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy tutumlary rowaçlyklara beslensin!
Güýçmyrat ÝAGŞYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat
Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.