Parahatlyk — rahat urýan ýürekler,
Säherleň owazy, şamlaň nagmasy.
Parahatlyk — behişt gören göreçler,
Nuruň kalba mähir bolup ýagmasy.
Parahatlyk — aman örýän ojaklar,
Şatlygyň dolmagy dünýä Gün kibi,
Bäbeklije sallançaklar, gujaklar,
Belentden ýaňlanýan çaga gülküsi.
Parahatlyk — aýdyň geljege miras,
Nesilleriň güller açan göwnüdir,
Arkadagly halkyň owal-ahyrda,
Şanynyň Arşa uçan döwrüdir.
Parahatlyk — ýürekdeşlik, syrdaşlyk,
Dilleriň däl duýgularyň birligi,
Dogan kimin dostuň, ýakyn ýoldaşlaň,
Bagt hakynda aýdýan şirin gürrüňi.
Parahatlyk — asman kimin ýürekli,
«Ak altyn» deý päliň bilen ýaşamak,
Tamdyrlardyr, saçaklardyr çörekli,
Milliligiň, däbiň bilen ýaşamak.
Parahatlyk — dünýä içre sylanmak,
Sylynmakdyr ýüze hyýal edipler,
Mertebeli Watanyňa buýsanmak,
Iliň-günüň hyzmatyna ýetipler.
Parahatlyk — Beýik Ogully döwür.
Parahatlyk — läle-reýhan gülüstan.
Parahatlyk — manydan doly ömür.
Parahatlyk — Bitarap Türkmenistan.
Kerimberdi HAKBERDIÝEW.