Daşkyrak garyndaşlarymyň biriniň öýüne ilkinji gezek baranymda, öý eýesi meni 6-7-nji synpda okaýan perzentleri bilen tanyşdyrdy:
— Iň uly gyzymyň ady Dünýä, ikinji gyzymyň ady Dursun, üçünji perzendimiziň — oglumyzyň ady Parahat!
«Dünýä. Dursun. Parahat». Men ýylgyryp, olara guwanmak bilen garadym. Öýe gelýärkäm münen awtobusymda «Dünýä dursun parahat!» aýdymy ýaňlanyp başlady. Bu bolsa ak mermere beslenen paýtagtymyzyň gözel ýerlerini synlap oturyşyma, meni ýene-de şol çagalaryň atlary bilen bagly pikirlere alyp gitdi. Halkymyz özüniň eý görüp, ezizlän hem-de mukaddes hasaplan zatlaryny öz bagryndan önen perzentlerine dakmak bilen, olary has-da mertebeleýär. Mekan, Diýar, Watan, Güneş, Kamar, Atajan, Enejan ýaly atlar bilen birlikde Parahat diýen ady hem mynasyp göterip ýören ildeşlerimiz barmak basyp sanardan kän. Men onsoň Parahat atly tanyşlarymy göz öňüne getirip başladym: lukman Parahat, serkerde Parahat, mugallym Parahat ... Bu sanaw barha uzap barýar. Şu ýerde-de Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky: «Ajaýyp, ýalkawly bu mekanlara diň salsaň, ondan, hakykatdanam, parahatçylyk hakyndaky ebedi arzuwlaryň sedasy eşidiler» diýen ajaýyp jümle aňymda aýlanyp gitdi. Parahatçylygyň gadyr-gymmatyna örän oňat düşünýän merdana halkymyz parahat durmuş baradaky arzuwlaryny on iki süňňüne siňdirip, şirin zyban bilen dünýä ýaýypdyr. Parahatçylyk baradaky arzuwlar halkymyzyň döreden goşgularynda, aýdymlarynda, lälelerinde orun alypdyr. Bu arzuw, hatda ene hüwdüsi bilen Watanymyzyň peder ruhly topragyna-da, Garagum sährasynyň gollaryna-da siňipdir. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Bitarap Türkmenistan» kitabynda: «Türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň ähli görnüşlerinde parahatçylyk söýüjilik äheňleri mydama esasy orunda durýar» diýip belleýär.
Bu günki gün Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady berkden tutulyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän ýurdumyzyň daşary syýasaty hem parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, birek-birege hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýoly bilen Watanymyzyň abraý-mertebesini barha belende göterýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda: «Döwletara gatnaşyklary parahatçylykly ýol bilen berkitmek halkymyzyň Oguz han zamanyndan bäri ygrarly ýörelgesidir. Şol ýörelge häzirki günde döwrebap mazmunda Garaşsyz türkmen döwletiniň halkara gatnaşyklaryndaky üstünliklerinde wajyp orny eýeleýär» diýip belleýär. Ähli halklaryň asuda hem parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda tagalla edýän Garaşsyz hem-de hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz tarapyndan BMG-niň belent münberinden teklip edilýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bütin dünýäde giň goldawa eýe bolýar. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem döwletimiziň täze taryhy döwürde bütin dünýäde asuda, parahat durmuşyň rowaçlanmagy ugrunda tagalla edýändiginiň subutnamasydyr.
...Düşmeli duralgama ýetip, awtobusdan düşenimde hem «Dünýä dursun parahat!» aýdymy ýaňlanyp durdy. Göwnüme bu aýdymy tutuş älem-jahan guwanç hem buýsanç bilen gaýtalaýan ýalydy.
Akmyrat MEREDOW,
«Watan».