Zeýtun agajy taryhyň irki döwürlerinden bäri agzybirligiň, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň nyşany hasaplanýar. Şeýle hem, ol gadymy döwürde adam saglygy bilen baglanyşykly ýazylan kitaplaryň iň köp salgy beren derman serişdesidir. Zeýtun gadymy Rimde päkligi alamatlandyrypdyr. Ol şol derejede mukaddes hasaplanyp, bu miwäni ýygmak diňe akylly, asylly gyzlara ynanylypdyr. Zeýtun agajyny ilkinji bolup gögerden Athena atly zenandyr. Gadymy Rimde zeýtun agajyna berilýän ähmiýet kanunlaryň üsti bilen hem berkidilipdir, şeýle hem, zeýtun agajyny kesenler jezalandyrylypdyr. Bulardan başga-da, gadymy Rimde patyşalar halk köpçüligi bilen duşuşanlarynda kellelerine täç hökmünde zeýtun baldagyny dakypdyrlar, öýkeleşen adamlar ýaraşmak islänlerinde bolsa, bir-birlerine zeýtun baldagyny ugradypdyrlar. Eliňe zeýtun baldagyny alyp barmak parahatçylyk, ynsanperwerlik maksady bilen barýandygyňy alamatlandyrypdyr.
Irki döwürlerde olimpiadalarda we göreşlerde gahrymanlyk görkezip, ýeňiş gazanan türgenlere diňe zeýtun agajyndan örülen çemenler sowgat berlipdir. Olaryň başlaryna zeýtun şahasyndan täç geýdirilip, içi zeýtun ýagyndan doldurylan amfora sowgat edilipdir.
Zeýtun agajynyň baldagynyň parahatçylyk söýüjiligiň alamatydygy üçin, dünýä ýurtlarynyň ençemesiniň döwlet nyşanlarynda zeýtun baldagynyň şekli bar. Hat-da, Birleşen Milletler Guramasynyň nyşanyny hem zeýtun ýapraklary bezeýär. Ata Watanymyzyň döwlet Baýdagyna, döwlet Tugrasyna, döwlet sylaglarynyň döşe dakylýan nyşanlaryna parahatçylygyň alamaty hökmünde zeýtun ýapraklarynyň şekilleri girizilendir.
Selbi TÄJIMYRADOWA,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň daşary ýurt dillerine
ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy,
TMÝG-niň işjeň agzasy.