«ÝYLYŇ ADY DÖWRE ŞANDYR» ATLY WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň hem-de Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde häkimligiň mejlisler zalynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli «Ýylyň ady döwre şandyr» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Täsirli geçen çärede çykyş edenler Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen tagallalarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändigini aýratyn belläp geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy, Ýer ýüzünde parahatçylygyň höküm sürmegi ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Resul HOJABERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Köpetdag etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Fewral 2025 | 38 okalan

SAHNA OÝNY GÖRKEZILDI