TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda 21-nji orta mekdebinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem ýylyň şygarynyň manysyny düşündirmek maksady bilen, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler parahatçylygyň we ynanyşmagyň adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşygy bolan iň gymmatly düşünjeler bolup durýandygy, olaryň häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar eziz Diýarymyzyň ähli babatda gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň höküm sürmegi ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, röwşen ömürleriniň uzak, mertebeli başlarynyň belent bolmagyny, aýdyň maksatly dünýä nusgalyk beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Döwrandurdy ORAZDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Bereket etrap

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

AÝDYM-SAZLY DABARA GEÇIRILDI

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY