DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi we şäher kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň ähmiýeti dogrusynda kitaphana işgärleriniň arasynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan täze kitaby barada şeýle-de ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler dogrusynda giňişleýin çykyşlar edildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar dünýäde ählumumy abadançylygyň hatyrasyna parasatly başlangyçlary öňe sürýän, söz mülküne sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Annagül BEGNAZAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

24 Fewral 2025 | 1 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

22 Fewral 2025 | 1693 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

22 Fewral 2025 | 825 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI