Ýakynda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi hem-de Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mejlisler zalynda talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda “Gyz edebi – il edebi” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler ýaş nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek babatda belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlara döwrebap kämil terbiýe, ylym-bilim bermekde, eşretli, bagtyýar durmuşy üpjün etmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Ogulgurban SAPARDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Berkararlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň baş hünärmeni.