AJAÝYP KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrap Geňeşi etrabyň häkimligi hem-de iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, etrap medeniýet merkezinde edara-kärhanalaryň işgärleriniň, öňdebaryjy ýaşlaryň gatnaşmagynda Täze kitap halkyň ruhy nygmaty” atly şygar bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza sowgat beren “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabarada çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny, döwet galamynyň mundak beýläk hem ýiti bolmagyny arzuw etdiler. Şeýle-de, çykyşlarda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň taryhy wakalary, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen döwlet we halkara derejesindäki çäreler, türkmen halkynyň beýik akyldarynyň baý döredijilik dünýäsi, şahyryň mirasyny içgin seljermekde, ony dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmekde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan amala aşyrylýan anyk we netijeli ädimler dogrusynda giňişleýin bellenildi. Çäre etrabyň medeniýet-sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazlary bilen utgaşdy.

 

Kuwwat GALPAKOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

01 Mart 2025 | 63 okalan

SAGDYN MAŞGALA – SAGDYN JEMGYÝET

26 Fewral 2025 | 194 okalan

TALYP GÖZELLER BÄSLEŞDILER

25 Fewral 2025 | 395 okalan

BELENT ÖSÜŞLERE ŞANDYR BEDEWIM