Ýakynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda «Göwünleri galkyndyran Galkynyş» ady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşlik duşuşygynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gysga taryhy döwrüň içinde dünýä derejesinde uly meşhurlyk gazanmagy we abraýly baýraklara mynasyp bolmagy barada giňişleýin beýan edildi.
«Tegelek stoluň» başynda geçirilen söhbetdeşlik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmekde, milli atşynaslyk sungatymyzy dünýä derejesine çykarmakda, behişdi bedewlerimizi ylmy esasda öwrenmekde ähli şertleri hem-de giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.
Oguljahan TÖRÄÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Köpetdag etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.