WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan şäheriň 12-nji orta mekdebinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda ýaş nesillerimiziň ähli taraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli bolmagyny gazanmak, ýaşlary ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelen watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlilik, päk ýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetlerde terbiýelemek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga gatnaşanlar Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaşlara döredilýän mümkinçiliklerden doly we dogry peýdalanyp, tertip-düzgüni berjaý edip, ýaramaz endiklerden daşda durýan sagdyn hem-de berk bedenli ýaşlary kemala getirmek dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler.

Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler ýaş nesil barada edýän çäksiz aladasy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Güljemal BAÝLYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Fewral 2025 | 50 okalan

GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK

20 Fewral 2025 | 56 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

19 Fewral 2025 | 405 okalan

WAGYZ – NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI