«ENELERIŇ GÖRELDESI – DURMUŞ ÝÖRELGESI»

Şeýle şygar bilen şu gün Arkadag şäheriniň Bagt köşgünde söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Onda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen zenanlara goýulýan hormat-sarpa dogrusynda we bu ugurda amala aşyrylýan işler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda geçirilen bu duşuşykda ýerine ýetirilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, durmuşyň gözbaşy, öý-ojagyň bezegi hasaplanylýan enelere hormat goýmakda, gyz-gelinlerimizi mertebelemekde döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan uly ähmiýetli işler zenanlaryň jemgyýetde tutýan ornuny has-da belende göterýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sözleri bilen aýtsak, biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys! Munuň üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarys.

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar