TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDAKY SÖHBETDEŞLIK

Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Milli Ak Bugdaý Muzeýinde «Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

Geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwlet derejesinde ýetilen sepgitler, Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik zehininiň miwesi bolan Arkadag şäheriniň gazanan üstünlikleri, aýratyn-da «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «smart-siti» şähergurluşyk konsepsiýasynyň ýokary talaplary esasynda bina edilen şäheriň döwrebap mümkinçilikleri göz öňünde tutulyp, Koreýa Respublikasynda geçirilen halkara sergide üç sany baýraga, şol sanda iň tapawutlanan «Akylly» şäher hökmünde baş baýraga mynasyp bolmagy hem-de Wenada ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolmagy, şeýle hem Täze — 2025-nji ýyl hormatly Prezidentimiz tarapyndan makullanan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda täze taryhy döwürde döwletimiziň dünýädäki ornuny has-da berkitmek, halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny we halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, myhmansöýerlik däplerini Ýer ýüzünde şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň ähmiýetini, onuň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alnyp halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işler alnyp barylýandygy barada gürrüňler edildi.

Geçirilen «Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlige gatnaşyjylar söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş sözleri aýtdyldy.

 

Röwşen MAKSATMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň

umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar