Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 21-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda ýokary synp okuwçy ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de şol Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy esasynda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti hakda gürrüň edildi. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi ruhy-ahlak taýdan arassa, päk ýürekli şahsyýetler edip ýetişdirmek maksady bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, ýaramaz endiklerden daşda durmak bilen bagly gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy.
Duşuşyga gatnaşan ýaşlar bilim almaga, hünär öwrenmäge, berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmäge ajaýyp mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna päk ýürekden çykýan alkyşlaryny aýtdylar.
Begli MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Kaka etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.