GADYMY HEM MÜDIMI SENET

Geçmiş taryha göz aýlanyňda, türkmeniň dörediji, zähmetsöýer halk bolandygyna göz ýetirýärsiň. Halkymyzyň döredýän maddy we ruhy gymmatlyklarynyň agramly bölegi zenan gollary, zenan söýgüsi, zenan yhlasy bilen kemala gelýär. Zähmetsöýer gelin-gyzlarymyzyň irginsiz zähmeti bilen kemala gelen eserleriň biri bolsa, türkmen keçesidir.

Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Türkmen halkynyň medeni mirasynyň naýbaşy gymmatlyklarynyň arasynda keçäniň tutýan orny has uludyr. Ylmy tassyklamalara görä, halkymyzyň senetçilik dünýäsinde keçe basmak sungaty örän irki döwürlerde ýüze çykypdyr hem-de gündelik durmuşda giňden ulanylypdyr.» diýip belleýär. Çaklamalara görä, keçeler özleriniň döreýiş taryhy boýunça türki halklaryň, esasan-da, çarwa ilatyň arasynda, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerine laýyklykda ýüze çykypdyr. Ýöne wagtyň geçmegi we döwürleriň özgermegi bilen olaryň köpüsinde keçeleriň ulanylyşy seýrekleşipdir.

Keçäniň döreýşi barada şeýle rowaýat hem bar: «Gadym eýýamlarda bir baýyň owadan we edepli aýaly bolupdyr. Günlerde bir gün ol agyr derde uçrapdyr. Onuň iýmän-içmän, gün-günden sary ýapraga dönüp barşyna haýpy gelen baý, aýalynyň derdine derman tapana uly sylag berjekdigi barada jar çekdiripdir. Ýöne şonda-da onuň aýalynyň derdine melhem tapylmandyr. Bir gün aýaly başyny ýassykdan galdyryp, arassa howa çykmagy ýüregine düwüp, ysgynsyz halda öýden çykypdyr. Ol bir ýerden owlakdyr-guzularyň sesini eşidip, şol taraba baka ýöräp başlaýar. Bu aýal süriniň golaýyna baranyndan mallar tisginip, hersi bir tarapa tazykýar. Ýöne, bir akja guzy eýlesine-beýlesine geçýär, ol guza mähri giden aýal guzynyň endamyny sypap oturşyna keseliniň pessaýlap ugranyny syzypdyr. Öz süňňünde bir üýtgeşikligiň bolup geçýändigini duýupdyr we goýun ýüňünde bir syryň barlygyny aňyp başlapdyr. Şondan soň ol özi ýaly zenanlar bilen goýun ýüňünden keçe etmäge başlaýar. Şeýlelikde, ak we gara boz keçeler, gülli keçeler, gyragaraly we iki ýan ýüzi hem gülli keçeler döräpdir.»

Keçeleriň döreýiş taryhynyň çuňlugy ýaly, onuň ediliş usuly-da diýseň çylşyrymly, täsin, her halkyň arasynda dürli häsiýete eýedir.

Mälim bolşy ýaly, keçe etmekde peýdalanylýan gamyş çygyny dokamak üçin gamyşlar gowy bişip, sowuk uransoň ýygnalýar. Şeýle edilende, keçe gamşy berk, döwülmezek bolýar. Keçe etmeklik üçin ýaz hem güýz ýüňleriniň gowulary saýlanyp alynýar. Ene – mamalarymyz reňkler üçin dürli ot-çöpleri peýdalanypdyrlar. Meýdan ösümlikleriniň kökünden, ýapraklaryndan, çöpboýadan, naryň we hozuň gabygyndan dürli öwüşginli reňkleri alypdyrlar. Keçäni güllemek üçin bolsa, keçe gamyşy ýazylyp, her nagşyň ýerini ölçäp bellik edipdirler.

Türkmen zenanlaryň mähir-yhlasyndan kemala gelen keçeleriň birnäçe görnüşleri bolup, olara «Ak tüýnük», «Gyzyl tüýnük», «Gözenek», «Saýlan», «Sekiz goçak» we «Gelinbarmak» ýaly nagyşlar salnypdyr.

Goý, halkymyzyň baý milli mirasy, gözüniň guwanjy we baýlygy hasaplanýan türkmen keçesiniň gadyr-gymmaty egsilmesin!

Goý, halkymyzyň medeniýetini we sungatyny, milli mirasyny sarpalap, belent derejä ýetirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Meňzeş habarlar