GYZ EDEBI — IL EDEBI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň ähli orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçy gyzlarynyň arasynda wagyz-nesihat çäreleri geçirildi. Etrabyň 23-nji orta mekdebinde «Gyz edebi — il edebi» ady bilen geçirilen duşuşyk has-da täsirli boldy.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, maşgala jemgyýetiň esasyny düzüjidir. Çünki maşgaladan başlanýan terbiýe çaganyň geljekki durmuşynyň özenini düzýär. Türkmen halkymyz maşgala mukaddeslik hökmünde garap, çaga terbiýesine wajyp orun beripdir. «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz», «Maşgalam – baş galam» ýaly birnäçe atalar sözi pederlermiziň maşgala terbiýesine aýratyn üns berendiginiň alamatydyr. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde jemgyýetimizde çaganyň irki ösüşine, sagdyn kemala gelmegine aýratyn üns berilýär. Şonuň esasynda ýaşlaryň arasynda milliligimize, maşgala gymmatlyklaryna sarpa goýmak, milli ýol-ýörelgelerimize, däp-dessurlarymyza eýermek boýunça geçirilýän çäreleriň möhüm ähmiýeti bardyr.

Duşuşykda ýaşlara asylly ýol-ýörelgelerimiz, edep-terbiýe, ahlak päkligi bilen bagly gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy, ösüp gelýän nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, halk bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaçlanmagy arzuw edildi.

 

Leýli BEGENJOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Babadaýhan etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar