Suwda ýüzmek adam saglygy üçin iň peýdaly we täsirli maşklaryň biri bolup, ruhy hem-de bedeni güýçlendirmekde aýratyn orny eýeleýär. Suw bilen ýakyn gatnaşygyň adamyň durmuş hiline hem saglygyna oňyn täsir edýändigi ylmy taýdan subut edilendir.
Suwda ýüzmegiň fiziki saglyga peýdalary:
- suwda ýüzmek ähli bedeniň myşsalarynyň hereket etmegini üpjün edýär. Şeýle maşklar myşsalary berkitmek bilen, bedeniň kesellere garşy durnuklylygyny we güýçlenmegini gazanýar;
- ýüzmek gan aýlanyşyny gowulandyrýar, ýürek ritmini sazlaýar we gan basyşyny durnuklaşdyrýar. Bu maşk ýürek keselleriniň öňüni almakda uly ähmiýete eýedir;
- suwda ýüzmek bedeniň kaloriýalaryny ýakmaga kömek edýär. Ol agramyny sazlamagy maksat edinýänler üçin iň gowy maşklaryň biri hasaplanylýar.
- suwda agyrlyk güýjüniň azalýandygy üçin bogunlaryň we süňkleriň üstüne düşýän basyş az bolýar. Bu, esasanam, artrit ýa-da beýleki bogun agyrylary bilen ejir çekýänler üçin peýdalydyr.
Suwda ýüzmegiň ruhy saglyga peýdalary:
1. Suw bilen aragatnaşyk adamyň ruhy ýagdaýyny gowulandyrýar, degna (nerw) ulgamyny rahatlandyrýar we stres derejesini peseldýär. Suwda ýüzýän wagty adam kadaly dem alşyny hem-de rahatlygy gazanýar.
2. Suwda bolmak we ýüzmek endorfinleriň (bagt gormonlarynyň) çykmagyna ýardam berýär. Bu bolsa, adamda işjeňlik we şatlyk duýgusyny döredýär.
3. Suwda ýüzmekde beden hereketleri bilen bilelikde, dem alyş prosesine üns bermeli bolýar. Bu bolsa, adamlarda üns merkezini gowulandyrmaga we konsentrasiýany ýokarlandyrmaga kömek edýär.
Suwda ýüzmegiň durmuş hiline täsirleri:
- suwda ýüzmek bedeniň metabolizmini gowulandyrýar we bedeni ýaş, sagdyn görnüşde saklaýar;
- ýüzmek bilen meşgullanýanlaryň köpüsi toparlaýyn maşklary saýlaýarlar. Bu bolsa, dostlukly gatnaşyklaryň ösmegine we adamlar bilen ýakyn aragatnaşyk saklamaga kömek edýär;
- suwda ýüzmek beýleki maşklara garanyňda, bedene az zeper ýetirýär we fiziki taýdan arassa energiýa sarp etmek üçin amatlydyr.
Suwda ýüzmek diňe bir sport däl, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgesiniň bir bölegi hökmünde kabul edilmelidir. Bedeniň we ruhy saglygyň ösdürilmeginde onuň ähmiýeti diýseň uludyr. Şeýlelikde, durmuş hilini ýokarlandyrmak, bedeni sagdyn saklamak we ruhy taýdan rahatlygy gazanmak isleýän her bir adam üçin ýüzmek iň amatly sport görnüşleriniň biri hasaplanylýar.
Suwda ýüzmek bilen siz diňe bir saglygyňyza peýda getirýän maşk ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, özüňizi täze energiýa bilen doldurarsyňyz. Şeýlelikde, sagdyn durmuş ýörelgesiniň bir bölegi hökmünde ýüzmegi gündelik durmuşyňyza ornaşdyrmak möhümdir.
Halkymyzyň sport bilen meşgullanmagy üçin ähli döwrebap mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerden çykýan alkyşlarymyz egsilmezdir.
Abul HAÝTBAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň esasy hünärmeni.