Gözellik – giň düşünje. Häzirki günde biz ynsanlaryň gözellik duýgularynyň täsin gurluşy bilen döredijilik eserine meňzeýän, ýurdumyzyň ajaýyp künjekleriniň, obalarymyzyň hem şäherlerimiziň görkünden heýjana gelýän joşgunyny duýýarys. Obalarymyzyň, şäherlerimiziň gök baga bürenip, gülleriň mekanyna öwrülmegi topragymyza bereket, howamyza tenekär eçildi. Gözbaşy gözellige bolan söýgüden başlanýan ynsanperwer çäreler howanyň, suwuň, topragyň geljekki nesiller üçin goralyp saklanmagyny üpjün etmäge-de gönükdirilendir. Häzirki döwürde ekologiýa meselesi bilen bagly halkara ylalaşyklaryna we konwensiýalaryna işjeň goşulmak bilen, biziň döwletimiz bu ugurda ähli mümkinçiliklerden peýdalanýar. Hormatly Prezidentimiz täze gurulýan senagat kärhanalarynyň daş-töwerege zyýansyzlygynyň hökmany şert hökmünde ünsden düşürilmeli däldigini nygtaýar. Daş-töweregimiziň, köňülleriň gözelliginden tutuş dünýäniň geljeginiň gözelligi görünýär. Sebäbi, biz bu günki günde eziz Watanymyzy eý görüp, onuň her daban ýeriniň aýalyp, gül öwüsmegini isläp, tutuş tebigata yhlasymyzy bagyş edýäris. Umumy tagallany talap edýän ekologiýa ýagdaýynyň sazlanmagyna täsirimizi ýetirýäris.
Tebigy gözellik bilen ynsanyň yhlasy gatylan gözellik utgaşanda, dünýä hemişe abadandyr. Goý, biziň dünýämize şeýle abadanlyk ýaran bolsun! Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsanperwer ýörelgeler bilen paýhasyň hem gujur-gaýratyň gözelligini dünýä ýaýýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Sedarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Yhlas ANNAWELIÝEW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary,
TMÝG-niň işjeň agzasy.