ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ MÖHÜM ŞERTI

Berkarar döwletimiziň taryhy ýyl ýazgysynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary bilen şöhratlanan 2024-nji ýyl guwandyryjy wakalara, gazanylan uly üstünliklere, giň gerimli başlangyçlara beslendi. Şeýle ösüşdir özgerişler horamtly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Geçen 2024-nji ýyl möhüm ähmiýetli halkara çärelere baý boldy. Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde giňden bellenildi. Şeýle möhüm çäreleriň hatarynda paýtagtymyzda geçirilen “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyny aýratyn nygtamak zerur. Bu halkara forum parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara mertebesini has-da belende götermek bilen, dünýä bileleşiginiň halkymyzyň baý taryhyna we medeniýetine uly hormat bilen garaýandygyny görkezdi.

Şeýle hem 2024-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary we teklipleri esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ençeme halkara ähmiýetli Kararnamalar kabul edildi. Olaryň hatarynda “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly, “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly, “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary”, “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamalary görkezmek bolar. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň dünýäde barha dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsidir.

Bulardan başga-da, geçen ýylda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 79-njy mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanmagy döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli daşary syýasatyna dünýä möçberinde ýokary baha berilýändigini ýene bir ýola tassyklaýar.

Bitarap Watanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň işine gatnaşmagynyň çäklerinde öňe süren başlangyçlary Durnukly ösüş maksatlarynyň derwaýys meseleleriniň giň toplumyny öz içine alýar. Ählumumy bähbitleri nazarlaýan çuňňur esaslandyrylan garaýyşlaryň hatarynda dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüş, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly häzirki döwrüň wajyp meseleleri aýratyn orun tutýar.

Indi ençeme ýyllardan bäri eziz Diýarymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däp bolup gelýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary esasynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegi hem halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi. Bu şygar hormatly Prezidentimiziň ösüş arkaly dünýäniň parahatçylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işlerini, ýurdumyzyň parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek babatdaky tagallalaryny şöhlelendirýär. Ähli ildeşlerimiz tarapyndan biragyzdan goldanan ýylymyzyň baş şygary döwlet Baştutanymyzyň umumadamzat bähbitli durmuşa ornaşdyrýan özgertmelerine bolan çäksiz hoşallygyň aýdyň alamaty bolup durýar.

Bu ýylda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli giň gerimli halkara çäreler geçiriler. Şunda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň syýasy meýdançasynda döredilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň çäklerinde hem özara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ýüze çykýan gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasyndaky ynanyşmagy we düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

BMG tarapyndan hukuk derejesi iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.

Türkmenistanyň Bitaraplygy BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen ynsanperwer ýörelgelere doly laýyk gelmek bilen, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň hatyrasyna deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Gеçеn taryhy döwrüň dowamynda toplanan baý tejribäniň subut edişi ýaly, Türkmеnistаnyň dаşаry syýasаtynyň özеni bоlаn hеmişеlik bitаrаplyk dünýä bileleşiginiň belent ynamyna we ýokary bahasyna mynasyp boldy. Üstünlikli amala aşyrylýan ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy dünýä we sebit gatnaşyklaryny ösdürmegi, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi nazarlaýar.

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrüldi. Türkmenistan oňyn bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýadan ugur alyp, halkara gatnaşyklaryň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar.

 

Atamyrat BEKÇIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Syýasy kommunikasiýa

we internet žurnalistikasy fakultetiniň 4 ýyl talyby.

TMÝG-niň agzasy.

Meňzeş habarlar