Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşi tarapyndan Lebap welaýat çagalar kitaphanasynda okuwçy ýaşlaryň arasynda Milli Liderimiziň ene topragy, ata Watany ýürekden söýmäge we ynsanperwerlige çagyryşlary, parasatly sargytlary häzirki we geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen«Bitaraplyk – Arkadagyň paýhasy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Kitaphanaçy ýurdumyzda çap edilýän neşirleriň, aýratyn hem Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň ýaş nesli watansöýüjilik, mertlik, päk ahlaklylyk, milli mirasymyza hormat goýmak ruhunda terbiýeläp ýetişdirmekde uly gollanma bolup hyzmat edýändigini belledi. Şeýle hem okyjylara döwrebap hyzmatlary amala aşyrmak, ýaşlarda kitaba we çeper döredijilige söýgi döretmek, nusgawy edebiýatymyzyň gymmatyny halkyň arasynda wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan işleriň ähmiýetine aýratyn belläp geçdi.
Duşuşygyň ahyrynda okuwçylar şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Döwran HEMRAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Türkmenabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.