2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli 21-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda “Ak kepderi parahatçylygyň ilçisi” atly zehinli talyplaryň döredijilik sergisi geçirildi. Serginiň esasy maksady ýurdumyzyň çagalar baglarynda terbiýelenýän we orta mekdeplerinde bilim alýan ýaş nesli watançylyk ruhda terbiýelemekden, olary ýurdumyzyň belent ösüşlerini wasp edýän sungat eserleri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Geçirilen çäräniň çäklerinde sergä tomaşa etmäge gelen çagalar akademiýanyň sungat eserlere baý bolan zallarynda ýerleşdirilen eserlere we çeperçilik akademiýanyň Altyn fondyna hem aýlanyp gördüler.
Ýaş nesliň bagtyýar ýaşamagynda, döwrebap bilim almagynda taýsyz tagallalar edilýän döwrümizde şeýle serginiň geçirilmegi diňe bir çagalaryň ünsüni özüne çekmek bilen çäklenmän, eýsem çagalaryň aň-bilim işjeňligini işjeňleşdirmekde, duýgynyň ýokarlanmagyna sebäp bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Ýaş nesliň esere syn edip, olar barada gyzyklanma bilen sorag bermegi çagajyklaryň bilesigelijiligini has-da artdyrýar.
Parahatçylygyň mekany bolan eziz Watanymyzyň gözelligini, asuda, bagtyýar durmuşyny wasp edýän eserleri özünde jemleýän bu ajaýyp sergi çagalar üçin örän gyzykly geçdi. Dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýan döwletimiziň ösüşleri bilen baglanyşykly goşgy setirlerini çagajyklaryň dürli dillerde buýsanç bilen aýdyp bermegi bolsa olara heniz kiçi ýaşdan dürli dillerde ýöriteleşdirilip bilim berilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Çagalaryň çeper eserleriniň sergisine gezelenç etmegi diňe bir çeper işjeňligiň täze usullaryny däl, eýsem medeniýeti emele getirmek we baýlaşdyrmak tejribesini işjeň we döredijilikli ösdürmäge hem ugrukdyrýar.
Şekillendiriş sungatynda döredilen eserlere many bermegi başarmak, belli bir nyşany alamatlary görkezmek suratkeşiň ussatlygyny talap edýär. Sergide hemişelik bitaraplygymyzyň, asuda, abadan, parahat durmuşymyzyň nyşany hökmünde ak kepderileriň şekili ýerleşdirilen eserlere duşmak bolýar. Ak kepderi parahatçylygyň ilçisi, bagtyýar durmuşyň waspy. Şekillendiriş sungatynyň taryhynda dürli döwrüň suratkeşleri parahatçylygyň nyşany hökmünde ak kepderiniň keşbine öz eserlerinde köp ýüzlenipdirler. Dünýä sungatynyň ösmeginde goşandy uly bolan türkmen halky hem häzirki wagta çenli dürli nyşan alamatlar bilen sungatymyzy barha kämilleşdirýär.
“Ak kepderi parahatçylygyň ilçisi” atly serginiň gurnalmagy çagalaryň hyýallarynyň güýçlenmegine, watana bolan söýgüsiniň artmagynda, gözelliklere imrinmeklerinde uly mümkinçilikdir.
Bagtygül HOJAGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň mugallymy.