Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň ählitaraplaýyn ösüş ýoluna düşmegine giň mümkinçilik açylýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýeti ýokary ösüşlere eýe bolmak bilen ykdysady mümkinçilikler barha ýokary galýar we dünýä giňişliginde uly abraýa eýe bolýar. Asuda Watanymyzyň şu günki üstünligi hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalaryndan gözbaş alýar. Döwletimiziň ykdysady ösüşleri Watanymyzyň kuwwatlylygynyň has-da berkeýändiginden, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň barha kämilleşip, röwşen geljegimiziň ösüş ýolunda öňe barýandygyndan habar berýär.
Ýurdumyzda telekeçiligi, şol sanda hususy önümçiligi goldamak maksady bilen amala aşyrylýan çäreler bu gün ýurdumyzyň ykdysady durmuşynda wajyp orun eýeleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda bazar ykdysadyýetine geçilýän şertlerinde döwlete dahylsyz ulgamy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ykdysadyýetiñ ösýän şertlerinde dünýä hojalygyna birikmek, halkara zähmet bölünişiginde öz mynasyp ornuňy tapmak meselesi ösüş ýoluny saýlan türkmen döwleti üçin uly ähmiýete eýedir.
Ykdysadyýeti ösdürmegiñ döwlet maksatnamasy hojalygy ýöretmegiñ dünýäde ykrar edilýän usullaryndan ugur alýar we bazar ykdysadyýetiniñ ýörelgelerini giñden ornaşdyrmak üçin zerur şertleri döredýär. Dünýä derejesinde bolup geçýän ykdysady hadysalaryñ döwletleriñ milli ykdysadyýetine edýän täsiri ylymda we tejribede subut edilen hakykatdyr. Türkmen ykdysadyýetiniñ ösüş maksatnamalaryna laýyklykda, bazar ykdysadyýetine geçmegiñ bir ugry hökmünde telekeçilige uly orun berilýär. Hojalygy ýöretmegiñ bazar gatnaşyklaryna geçmek ýörelgesi ykdysadyýeti döwlet tarapyndan dolandyrmagyň ugruna, wezipelerine we usullaryna, kemala gelen täze şertlere laýyklykda degişli üýtgeşmeler girizýär. Daşary ýurtlarda telekeçilik işleriniň alnyp barlyşynyň tejribesini nazarda tutup, bu tejribäni öwrenmekde seljerme işlerini geçirmegiñ netijesinde, Türkmenistanda häzirki döwürde kemala gelen durmuş-ykdysady şertlerinde onuñ mümkinçiliklerini ulanmak maksadalaýyk hasap edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda her ýylda telekçileriň gazanýan üstünliklerine bagyşlanyp halkara sergileri we maslahatlary yzygiderli geçirilýär. Bular bolsa, telekeçiligiň dünýä tejribesini öwrenmekde esasy işleriň biri bolup durýar.
Häzirki döwürde Türkmenistanda telekeçiligiñ berk binýady kemala getirilýär. “Açyk gapylar” syýasatynyň üstünlikli alnyp barylmagynyñ netijesinde, erkin ykdysady gatnaşyklaryñ ýola goýulmagy, ýeňillikli salgyt syýasaty, ýeňillikli karzlaryñ berilmegi telekeçiligi ösdürmäge ýardam edýär. Şol sanda, telekeçiligiñ milli kanunçylyk binýadyny emele getirmek, işewürligiň hukuk esaslaryny dünýä ülňülerine laýyklykda amala aşyrmak meselesi häzirki döwürde öz ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar. Ýurtda höküm sürýän syýasy durnuklylyk, telekeçiligiñ döwlet tarapyndan goldanylmagy onuñ uzak möhletleýin häsiýete eýe boljakdygyna şaýatlyk edýär. 2011-nji ýylda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň täze binasy açylyp ulanmaga berildi. Ýurdumyzda hususy telekeçileriň işjeňligini ýokarlandyrmak üçin gönüden-göni telekeçileriň işi bilen baglanyşykly “Rysgal” paýdarlar täjirçilik atly telekeçileriň banky döredilýär. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça maksatnamalar kabul edilýär.
Türkmenistanyň bazar gatnaşyklaryna geçiş döwründe öz milli aýratynlyklaryny nazara alyp, milli ykdysdadyýetimizi ösdürmekde, ylaýta-da, telekeçilige döwlet tarapyndan uly goldawlaryň berilýändigini görkezmek we telekeçiligiň dünýä tejribesini önümçilige ornaşdyrmaga wajyp orna eýedigini bellemek has-da buýsançlydyr.
Bägül MÄMIÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.