SÖZ MANYSY (Ykyrryk)

Ene-mamalarymyz gadymdan gelýän milli edim-gylymlary, yrym-ynançlary ýaş nesillere öwretmekde öz goşantlaryny goşýarlar. Çagalarymyza dakylyan monjuklaryň hersiniň hem öz aýratynlygy we ähmiýeti bardyr. Şolaryň biri-de, ykyrrykdyr. Ykyrryk bu miweli agaçlarda hem-de tut agajynda duş gelýär. Ynanja görä, ony Atbakar diýen jandar  ýasaýarmyş. Ykyrrygy çaga hyr-hyrlap dem alanda hem-de çaganyň bäbenegi, ýagny maňlaýyndaky ýumşajyk beýnisi wagtynda gatamasa dakylýarmyş. Ony çagajygyň topbusyna temençä iltäp, tä özi gaçýança aýyrman goýupdyrlar. Eger ykyrryk tapylmadyk ýagdaýynda, iňňe- sapak arkaly tikip, mata bölejigini burup, dakaýmalymyş.

 

Taýýarlan: Altyn HOJAMOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 28 okalan

ÝAKYMLY TÄSIRLERI DÖRETDI

24 Iýun 2025 | 27 okalan

MEDENIÝETIŇ WE BAGTYÝARLYGYŇ BAÝRAMY

19 Iýun 2025 | 115 okalan

MEDENIÝET HALKYŇ KALBYDYR