MÄHRI BÄŞIMOWA MERKEZI AZIÝA WE ÝB ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

19-njy fewralda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iş duşuşygy geçirildi. Oňa türkmen tarapyndan Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu ýylyň mart we aprel aýlarynda geçiriljek «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» görnüşdäki duşuşyklar bilen baglanyşykly guramaçylyk meseleleri hem jikme-jik gözden geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýa bilen ÝB-iň arasyndaky gatnaşyklaryň iň ýokary syýasy derejede işjeňleşýändigini bellediler.

 

turkmenportal

20.02.2025ý.