Ýurdumyzda bilim we medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, ony halkara derejesine laýyk getirmek, döwrüň gazananlaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça birnäçe netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde bilim ulgamy düýpli özgertmeler, täzelikler bilen ýokary derejelere ýetdi. Hormatly Prezidentimiz bilim işgärleriniň, talyp ýaşlaryň, okuwçylaryň dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim almaklary ugrunda giň mümkinçilikleri döretdi. Ýurtda köpsanly täze, döwrebap, okatmagyň öňdebaryjy usullaryny özünde jemleýän okuw-terbiýeçilik edaralary açyldy. Täze okuw-terbiýeçilik edaralarynyň hemmesi Internet ulgamyna çatylan häzirki zaman kompýuterler we innowasion tehnologiýalar, şol sanda soňky ýyllarda bilim ulgamynda giňden ulanylýan multimediýa enjamlary bilen üpjün edildi. Ýurdumuzyň ähli okuw mekdeplerinde bilim bermekligiň iň täze usullary ulanylýar. Munuň özi ýaş nesilleriň sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösüşine gönükdirilendir.
Her döwrüň özüne mahsus syýasy wakalary, taryhy ösüş maglumatlary bolup, olar ähli ugurlar bilen bilelikde öz beýanyny tapýar.
Tehnologiýanyň indiki çür depesi “emeli aň” hasaplanýar. Indi internet ulgamyna kimdir biriniň maglumat goýaryna garaşyp oturmaň geregi ýok. Çünki kompýuteriň özi maglumat döredip, ony size hödürleýär. Size nähilidir bir aýratynlyklary bolan surat ýa-da wideo gerek bolsa, ony kimdir birine däl-de, kompýuteriň özüne döretdirip bolýar. Häzir “emeli aň” doly depginde durmuşymyza ornaşdyryldy. Şonuň üçin “emeli aň” bilen baglanşykly ýurdumyzda döwlet derejesinde birnäçe çäreler hem geçirilýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan “Bilim ulgamyna sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyny dowam etdirmek” çäresini ýerine ýetirmek we döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim bermek işini kämilleşdirmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň fewral aýynyň 22-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda “Emeli aň arkaly bilim bermek işiniň kämilleşdirilişi” atly ylmy-amaly maslahaty geçirdi. Ylmy-amaly maslahaty Ministriň orunbasary A. Ataýew açylyş sözleri bilen açdy. Soňra ylmy-amaly maslahatda Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkeziniň hünärmeni A. Orazmyradowa “Şekillendiriş sungatynda emeli aňyň ulanylyşy” atly tema bilen, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 3-nji ýyl talyby M. Batyrow “Binagärlik we landşaft dizaýnynda emeli aňyň ähmiýeti” atly tema bilen, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň başlygy A. Bazarow “Sanly ulgamyň işlerini awtomatlaşdyrmak” atly tema bilen, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Maglumat ulgamlary” kafedrasynyň mugallymy T. Gylyjowa “Emeli aň tehnologiýalarynyň medeniýet ulgamyna edýän täsiri” tema bilen, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Maglumat ulgamlary” kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Ş. Myradowa “Medeni mirasyň täzeden dikeldilmeginde emeli aňyň mümkinçilikleri” atly tema bilen çykyş etdiler. Olaryň eden täsirli çykyşlary ýaşlara tehnologiýalaryň kömegi bilen bilim bermek we alan bilimlerini amaly usulda özleşdirmek, döwrümiziň talabyna laýyk ýaşlary kemala getirmek üçin ähmiýetlidir.
Orazgözel UTOMYŞEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
Amaly-haşam sungaty fakultetiniň Jemgyýeti öwreniş
ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy.