Häzirki wagtda maglumat tehnologiýalary örän çalt depginler bilen ösýär. Bu günki gün ýaşaýşymyzy öýjükli aragatnaşyksyz, planşetsiz, kompýutersiz göz öňüne getirmek kyn. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan innowasiýa ösüşine laýyklykda, bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, bu ugurda anyk işker durmuşa geçirilýär.
Sanly bilim ulgamy diňe bir bilim bermek işinde ulanylman, eýsem, oňa gatnaşyjylaryň hemmetaraplaýyn ösmegine hem täsir edýär. Birinjiden, bu ulgamdan kämil baş çykarmak üçin häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny bilmek zerur bolup durýar. Ikinjiden, daş aralykdan bilim almak arkaly öz-özüňe gözegçilik etmek endigine eýe bolmak, şeýle hem bu ulgamyň esasy gurallarynyň biri bolan elektron okuw arkaly, ähli dersler boýunça taýýarlanylan döwrebap okuw-usuly toplumlaryndan peýdalanyp, ykdysadyýet, hukuk, syýasat we beýleki dersler boýunça bilim almak mümkinçiligini açýar. Mundan başga-da, sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini hem-de olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar.
Türkmenistanyň bilim ulgamynda toplanylan baý tejribe onuň ösüşindäki batly gadamlaryny görkezmek bilen, bu ugurdaky indiki ädimleriň has-da ilerlemeginde, ýaşlara berilýän bilimiň we terbiýäniň döwrebap ösýän jemgyýetimiziň ähli talaplaryna doly laýyk getirilmeginde täze wezipeleri öňde goýýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri geljekki ösüşleriň berk binýady boljak ylymly-bilimli, zähmetsöýer, durmuşa hemmetaraplaýyn ukyply, Watana wepaly ýaş nesliň kemala gelmegini kepillendirýär.
Laçyn ANNAMUHAMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň talyby.