Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň we sport mekdeplerinde türgenleşik geçýän XII synp okuwçylaryň arasynda beden taýýarlygy we sport görnüşleri boýunça bäsleşikleriň geçiriljekdigini yglan etdi.
Bäsleşikler şu tertipde we senelerde geçiriler:
— umumy beden taýýarlygy we sportuň tizlik-güýç alamatly görnüşleri boýunça
(14-15-nji aprel);
— sportuň oýun görnüşleri boýunça (16-17-nji aprel);
— sportuň göreş görnüşleri boýunça (18-19-njy aprel).
Okuwçylar beden taýýarlygynyň möçbernamasynyň hem-de sport taýýarlygynyň derejesine laýyk gelýän ölçeg kadalarynyň talaplary esasynda bäsleşerler.
Bäsleşige gatnaşmak üçin isleg bildirýänler hasaba alynmak üçin şu salgy boýunça maglumatlary doldurmaly.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna okuwa kabul etmekde ýeňillikler göz öňünde tutulyp bilner.
Gerekli maglumatlary education.gov.tm hem-de tdbsi.edu.tm resmi web saýtlaryndan alyp bilersiňiz.
türkmenportal
25.02.2025