Düýn Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan etmeginde «Talyp gözeli – 2025» atly gözellik bäsleşiginiň deslapky tapgyry geçirildi.
Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilýän bu bäsleşigiň ähmiýeti ýylsaýyn has-da artýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy, ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriniň dürli görnüşlerini öwrenmek we geljekki nesillere miras galdyrmak döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan esasy ugurlaryň birine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň: «Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýen ajaýyp sözlerinden ugur alyp geçirilýän bu bäsleşigiň esasy maksady hem ýurdumyzyň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilişini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmekden ybaratdyr.
«Talyp gözeli – 2025» atly gözellik bäsleşiginiň deslapky tapgyrynda oňa gatnaşýan talyp gözeller 3 şert boýunça özara bäsleşdiler. Birinji şertine laýyklykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyny dabaralandyrmak, ýurdumyzda türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan ukybyny aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek arkaly öz ussatlygyny açyp görkezdiler. Ikinji şertinde bäsdeşler Gahryman Arkadagymyzyň «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyndan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesdiler «Hünärim bar – hormatym bar» atly üçünji şertinde bolsa bäsleşige gatnaşyjy talyp gyzlar özleriniň zehinini, ussatlygyny we ukybyny keşde çekmek arkaly açyp görkezdiler.
Çekeleşikli geçen bäsleşikde baş baýraga eýe bolan talyp gözeli bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça aýratyn tapawutlananlara hem-de ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.