Ýaş nesli watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ähli döwürlerde hem möhüm wezipeleriň biri bolmagynda galýar. Adamlaryň özara paýhasly aragatnaşykda bolmagy we jemgyýete peýdaly işe işjeň gatnaşmaklary, ýaşlarda asylly sypatlary döretmek hem-de ösdürmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli terbiýesiniň özboluşly kadalary we ýörelgeleri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adam diýlip ykrar edilen Türkmenistanda halkyň taryhy-medeni geçmişine doly düşünýän, döwletiň bu günki ýeten belentliklerine guwanýan, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurduň ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşýan hakyky watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwlet syýasatynyň baş maksady bolup durýar.
Şu jähetden, ýurdumyzda abadan, parahat durmuşy üpjün etmek, jenaýatçylygyň öňüni almak maksady bilen, tutuş jemgyýetiň tagallalarynyň wajypdygyna aýratyn üns berilýär. Şonuň bilen birlikde, bu ýagdaýlaryň sebäplerini içgin seljermek, olaryň wagtynda öňüni almak üçin sazlaşykly işleri geçirmek zerur bolup durýar. Şunda raýatlaryň, hususan-da ýaşlaryň aň-düşünjesini jemgyýetçilik ähmiýetli döredijilikli ugra gönükdirmek, bagtyýar zamanamyzda yzygiderli kämilleşýän döwlet, hukuk we demokratik ulgamy durnukly jemgyýetçilik-syýasy ösüşler bilen sazlaşykly utgaşdyrmak döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň esasy wezipesi bolup durýar. Alym Arkadagymyzyň jaýdar belleýşi ýaly, öz halkynyň däp-dessurlaryny, medeniýetini inçelik bilen duýmagy başarýan, onuň barha ösmegi üçin goşandyny goşjak nesilleri terbiýelemek häzirki döwürde ähli ulgamlaryň öňünde duran möhüm wezipeleriň biridir.
Ösüp gelýän ýaş nesliň kämil şahsyýet bolup kemala gelmegi, hemmetaraplaýyn düşünjeli bolup ýetişmekleri üçin ähmiýetli ugurlaryň biri hem olarda ýokary hukuk medeniýetini ösdürmekdir. Bu düşünje-endikler ýörite geçirilýän terbiýeçilik çäreleriň täsiri esasynda emele gelýär. Çaganyň aňyna hukuk terbiýesiniň ýagşy ornaşdyrylmagynda maşgalanyň, bilim edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki işi örän ähmiýetlidir. Şunda işiň esasy maksady döwlet tarapyndan berkidilýän, kepillendirýän we goralýan hukuk gatnaşyklaryny olaryň aňyna ýetirmekden, hukuk goraglylygyna we azatlygyna gözegçilik etmekden, umumylykda, ýaş raýatlarda ýokary hukuk düşünjeliligini kemala getirmekden ybaratdyr.
Çynar AMANMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň talyby.