Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň Konsullyk, parlament we eýranlylaryň işleri boýunça orunbasary Wahid Jalalzade bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, söwda we beýleki ugurlar boýunça köp taraplaýyn häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamak hem-de geljekde berkitmek barada pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem dünýä we sebit derejesinde parahatçylyk, durnukly ösüş, hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlaryna ýokary baha berildi.
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary duşuşygyň dowamynda iki ýurduň Parlamentleriniň arasynda parlamentara gatnaşyklaryň berkidilmeginiň we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alşylmagynyň, ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işjeňliginiň artdyrylmagynyň, ugurdaş komitetleriň arasynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň tarapdarydygyny belledi.
turkmenportal.com
28.02.2025ý.