“Iki eplenen gaty kagyz” manysyny berýän “diplomat” adalgasy ilkibada Gadymy Gresiýada özüniň doglup ösen şäher-döwletine wekilçilik edip, beýleki bir şäher-döwlete giden ilçiniň eline berlen ygtyýarnama hatyny aňladypdyr. Biziň günlerimize gelip bolsa, öz döwletiniň adyndan beýleki bir döwletde çykyş edýän, onuň we raýatlarynyň bähbitlerini we ygtyýarlyklaryny goraýan, öz döwleti, halky barada we gazanylan üstünlikler barada wagyz-nesihat edýän, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda arman-ýadaman zähmet çekýän Daşary işler ministrliginiň ýörite ygtyýarly wekilini aňladýan adalganyň manysyny berýär.
“Diplomatiýa” adalgasyna häzirkizaman düşündirişi ilkinji gezek beren XVIII asyryň fransuz diplomaty we alymy Fransua Kale özüniň “Hökümdarlar bilen gepleşikleri geçirmekligiň sungaty” atly eserinde diplomatlara, ýagny daşary döwletlerde öz döwletine wekilçiligi amala aşyrýan, onuň bähbitlerini we öz raýatlarynyň hukuklaryny gyşarnyksyz goraýan, döwlet baştutanlarynyň ýörite ygtyýarlyklygyny almak bilen gepleşikleri geçirýän wekillere bildirilýän häzirkizaman talaplarynyň esasyny goýan talaplar hakynda, olarda bar bolmaly ukyp-başarnyklar hakynda giňden aýdyp geçipdir. XIX asyryň II ýarymynda we XX asyryň I ýarymynda ýaşap geçen iňlis diplomaty Ernst Setou hem diplomatiýanyň döwletiň bähbitlerine wekilçilik etmegiň sungatydygyny belläp geçipdir.
Biziň döwrümizde bu sungatyň geriminiň has-da giňändigine şaýatlyk etmek bolar. Ýagny, ýer şarynda döwletleriň özara deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, içerki işlerine goşulyşmazlyk, dawaly meseleleri diňe gepleşikleriň üsti bilen çözmek we özara bähbitli hyzmatdaşlygy alyp barmak ýörelgelerine esaslanýan döwründe diplomatlaryň daşary ýurt dillerini suwara bilmekleri, dünýäde bolup geçýän wakalara seljeriji we bitarap nazar bilen garamaklary, dünýä halklarynyň medeniýetinden we däp-dessurlaryndan habarly bolmaklary, öz döwletleriniň ýerli aýratynlyklaryna hormat goýmaklary hem-de innowasion tehnologiki “nou-hau”-lara takyk düşünmekleri döwrüň bildirýän talaplarynyň hataryna girdiler. Şeýle hem, syýasy, ykdysady, medeni we sport ugurlarynda halkara guramalarynyň çäginde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk, geçirilýän duşuşyklar, tegelek stollar we geçirilýän halkara sport ýaryşlary halklaryň özara jebisleşmegine, birek-birekden habarlylygyň artmagyna hem-de döwletleriň özara integrirlenmegine uly ýol açýar. Elbetde, bular hakynda söz açylanda, ähli dünýä döwletleriniň özara düşünişmek we ylalaşmak boýunça özboluşly arenasyna öwrülen Birleşen Milletler Guramasyny, sebitara ykdysady integrasiýany amala aşyrýan Ýewropa bileleşigini we Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyny, musulman halkly döwletleriň özara ýygnanyşýan we degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşýan Yslam hyzmatdaşlyk guramasyny, bütin dünýäde sport janköýerleriniň tomaşa edýän futbol bäsleşiklerini guraýan federasiýalaryň ählisiniň agzalykda durýan FIFA-ny görkezmek bolar. Bu aýdylanlar, XXI asyrda dünýäde medeni-ynsanperwer diplomatiýanyň ähmiýetiniň nähili artandygyny mese-mälim bildirýän ýagdaýlara şaýatlyk edýär.
Garaşsyzlygyny we özygtyýarlygyny gazanandan soňra, Türkmenistan Watanymyz öz daşary syýasatynda birek-biregiň içerki işlerine goşulyşmazlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan hemişelik bitaraplyk syýasatyna tarap ugry saýlap aldy we Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň we Goşulyşmazlyk hereketiniň geçiren sessiýalarynda agza döwletleriň biragyzdan goldawyna mynasyp boldy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry bütin dünýäniň taryhynda düýpgöter täze bir sahypany açdy, ýagny, Türkmenistan Watanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynda şol wagtky 185 sany agza döwletiň biragyzdan goldamagynda özüniň hemişelik bitaraplyk derejesini ykrar etdirdi. Sebitimizde we bütin dünýäde BMG derejesinde ykrar edilen ilkinji hemişelik bitarap döwlet bolmagy biziň Watanymyzyň öz häzirki we geljekki nesilleriniň bagtyýar we abadan geljegini döretmeklik işine ynamly girişmegine ýardam etdi. Türkmenistanyň sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde ykrar edilmeginiň bir mysaly bolsa, 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň açylmagy boldy. Bu türkmen diplomatiýasynyň gazanan uly ýeňşi boldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň BMG-niň Baş Assambleýasynda ikinji gezek ykrar edilmegi Türkmenistanyň abraýynyň has-da artandygyna şaýatlyk etdi. Türkmenistan sözüň doly manysynda bagtyýarlygyň, abadanlygyň, bagtly çagalygyň we ýaşlara uly mümkinçilikleriň döredilýän ýurduna öwrüldi.
Watanymyzy ösdürmekde, onuň bähbitlerini üpjün etmekde, abraýyny ýokarlandyrmakda, türkmen halkyna bagtyýar durmuşy döredip bermek ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly we ynsanperwer syýasatyny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe üstünliklere beslensin!
Nurjemal SAPAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.