Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 2-nji orta mekdebinde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň terbiýeçilik ähmiýetine bagyşlanyp, okuwçy ýaşlaryň arasynda duşuşyk geçirildi.
Ýaşlarda Watanymyzyň baý taryhyna, milli mirasymyza, maşgala mukaddesligine bolan söýgini artdyrmak, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň baý many-mazmunyny we terbiýeçilik ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlar diňlendi. Çykyş edenler Milli Liderimiziň ajaýyp kitabynyň baý taryhymyzy, döwletlilik ýörelgelerimizi, maşgala gymmatlyklaryny öwrenmekde egsilmez çeşme bolup hyzmat edýändigini guwanç bilen bellediler.
Duşuşyga gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň galamlarynyň ýiti, gymmatly eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaçlanmagyny arzuw etdiler.
Aýnagözel ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Tejen etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.