Ýurdumyzda zenanlar uly alada bilen gurşalyp, olaryň mertebesi belent tutulýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 21-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek bilen baglanyşykly degişli resminama gol çekmegi hem bu hakykatyň subutnamasydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryna mynasyp baha berilmegi, ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmak babatdaky asylly däpleriniň dowam etdirilmegi bagtyýar zenanlarda çäksiz buýsanç duýgusyny döredýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly günlerinde, Halkara zenanlar gününiň bosagasynda döwlet Baştutanymyzyň aýal-gyzlara pul sowgatlaryny bermek boýunça degişli Buýruga gol çekmegi bilen muňa nobatdaky gezek göz ýetirdik. Munuň özi biziň buýsanjymyzy we şatlygymyzy goşalandyrdy.
Eziz Diýarymyzyň bagtyýar zenanlary hakda bimöçber alada edýän we olaryň döredijilikli zähmet çekmegi, nesil terbiýelemegi ugrunda ajaýyp şertleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Tylla MEÝDANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Gökdepe etrap Geňeşiniň hünärmeni.