GYZ EDEBI — IL EDEBI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 31-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Gyz edebi – il edebi» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda raýatlaryň bolelin durmuşda ýaşamagy, döwletiň halkara abraýynyň barha artmagy babatda edýän taýsyz tagallalary, ösüp gelýän ýaş nesliň watansöýüji, päk ahlakly, berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagy ugrunda durmuşa geçirýän işleri hakda gürrüň edildi. Çykyş edenler türkmen jemgyýetinde zenanlaryň orny, türkmen gyzlaryny bezeýän oňat häsiýetler, ene-mamalarymyzdan gelýän milli ýol-ýörelgeler dogrusynda aýratyn durup geçdiler hem-de ýaşlara watansöýüjilik, päk ahlaklylyk, maşgala mukaddesligi, agraslyk bilen bagly gymmatly öwüt-ündewlerini berdiler.

Duşuşyga gatnaşanlar halkymyza ajaýyp döwri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyna päk ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Ybraýym ANNAMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Bäherden etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça  sasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Mart 2025 | 19 okalan

SAGDYN MAŞGALA — SAGDYN NESIL

04 Mart 2025 | 33 okalan

EÝJEJIK GYZLAR BÄSLEŞDI