Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna ýollan hatynda Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryny goldaýandygyny mälim etdi. Bu barada TDH ýazýar.
«Gazagystan Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli tagallalaryny we ählumumy parahatçylygyň hatyrasyna açyk, netijeli dialoga bolan garaýyşlaryny hemişe goldaýar» diýip, gazak Lideri öz hatynda belleýär.
Mundan ozal, Gazagystanyň Prezidentiniň şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşjakdygyny habar beripdik.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň döwlet Baştutanlary we halkara gurluşlaryň ýolbaşçylary derejesinde geçirilmegi meýilleşdirilýär. Forum BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralar.
«Geçiriljek forumyň halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşmak, olaryň çözgütlerini işläp taýýarlamak üçin möhüm meýdança boljakdygyna ynanýaryn» diýip, Gazagystanyň Prezidenti nygtaýar.
Turkmenportal
03.03.2025