ÝANGYN HOWPSUZLYGY BOÝUNÇA BÄSLEŞIK

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda ýangyn howpsuzlygy bilen baglanyşykly wagyz-nesihat ähmiýetli sorag-jogap bäsleşigi geçirildi.  

Mekdep okuwçylarynda edermenligi, batyrlygy, emläk eýeçiligine aýawly garamagy, dostlugy terbiýelemek we berkitmek, olaryň ruhy, beden taýdan taplanmagyny gazanmak, şeýle-de ýaşlaryň ýangyn-tehniki serişdeleriniň ulanyş ýagdaýlary boýunça düşünjesini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşik «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň çärelerine özboluşly öwüşgin berdi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşan toparlaryň agzalary ýangyn howpsuzlygy bilen baglanyşykly sowallara jogap berdiler, ýangyn dörän ýagdaýynda ilkinji nobatda edilmeli hereketler we şertli ýangyny söndürmek boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler.

Bäsleşikde Bäherden etrabynyň A.Atdanow adyndaky 1-nji orta mekdebiniň topary birinji orna, tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň topary ikinji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Rejepnur ATAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Bäherden etrap Geňeşiniň  başlygy.

Meňzeş habarlar

04 Mart 2025 | 11 okalan

SAGDYN MAŞGALA — SAGDYN NESIL

04 Mart 2025 | 15 okalan

EÝJEJIK GYZLAR BÄSLEŞDI